Turkmenportal logo
22.08.22
2287522875
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Astrahana bararlar

Şu hepde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahana barar. Saparyň dowamynda ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkowa salgylanyp, «bloknot-astrakhan.ru» habar berdi.


Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabadyň «Demirgazyk — Günorta» halkara transport geçelgesine goşulmakçydygyny yglan etdi.


Golowkowyň sözlerine görä, Astrahan sebiti Türkmenistan bilen «Demirgazyk — Günorta» geçelgesini ösdürmek boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr.


«Bu mesele gubernator Igor Babuşkin bilen Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerde birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazarýaka goňşularymyzyň bu boýunça uly mümkinçilikleri bar. Astrahan sebitinde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak, Olýa we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli awtoulag parom hyzmatyny döretmek we gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýarys» diýip, russiýaly hünärmen belledi.