Turkmenportal logo
20.08.22
2002420024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çaloba «Çelside» galmasa-da, Londonda galyp biler
Çaloba «Çelside» galmasa-da, Londonda galyp biler

«Çelsiniň» goragçysy Trewo Çaloba bilen APL-niň başga bir güýçli topary gyzyklanýar. «Evening Standard» neşiriniň ýazmagyna görä, ony şu transfer penjiresinde «Tottenhemde» görmegimiz hem ahmal.


Çaloba «Çelside» özüni görkezip bilmedi. Şonuň üçin hem ol ukyplaryny ýitirmekden gorkýar. Ol toparda soňky gezek geçen möwsümiň maý aýynda meýdana çykypdy.


Bu futbolçy bilen Milanyň «Inter» toparynyň hem gyzyklanýandygy ýazylypdy. Hatda Romelu Lukaku hem angliýaly futbolça «Juzeppe Measa» geçmegi maslahat beripdi.