Owganystanyň wekiliýeti ýakyn wagtda tebigy gaz we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) turbageçiriji taslamasy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisine salgylanyp, “TOLOnews” teleýaýlymy habar berdi.
Bu topara Owganystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Molla Abdul Gani Baradar ýolbaşçylyk eder.
«Türkmenistana amala aşyrjak saparymyzyň dowamynda gazyň bahasyna we Hyratdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine, şeýle hem senagat zolaklary boýunça duşuşyklary geçireris» diýip, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisi Şafaý Azam aýtdy.