Soňky habarlar

Arhiw

V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Türkmenistanyň medallary 23-e ýetdi

23:0418.08.2022
0
3873
V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Türkmenistanyň medallary 23-e ýetdi

Türkmenistanly Omargeldi Nurgeldiýew Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda kikboksyň full kontakt görnüşi boýunça 54 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgeni Özbegistandan, Azerbaýjandan, Alžirden, Gazagystandan, Türkiýeden we Marokkadan gelen kikboksçylaryň çykyş eden agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medal özbegistanly Mawlonbek Muhammadjonowa, kümüş medal bolsa azerbaýjanly Jamal Mammedowa nesip etdi.

Omargeldiniň gazanan medaly Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabyndaky medallaryň umumy sanyny 23-e ýetirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan 56 ýurduň gatnaşýan ýaryşynda umumy hasapda 12-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň