Türkmenistan Azerbaýjana benzin eksport etmekde ikinji orny eýeledi

18:0216.08.2022
0
12050

2022-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda Azerbaýjan Türkmenistandan AI-92 belgili benziniň 36 müň 571 tonnasyny satyn aldy. Bu barada Angi.ru nebitgaz kompaniýasy habar berdi.

Şunça mukdardaky awtoulag benzininiň umumy bahasy 41 731,96 amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan şu ýyl Azerbaýjana benzini iň köp eksport eden döwletleriň arasynda ikinji orny eýeledi.

Birinji orundaky Russiýa goňşy döwlete şu ýyl 109 müň 184,1 tonna benzin eksport etdi. Üçünji orunda Gazagystan, dördünjilikde Rumyniýa bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň