Turkmenportal logo
13.08.22
1282012820
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen pälwany V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy
Türkmen pälwany V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy

Türkmenistanly Azatjan Açilow Türkiýede dowam edýän V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda 63 kilograma çenli agram derejesinde grek-rim göreşi boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Ol bürünç medal ugrundaky tutluşykda alžirli Jebbari Abdeljebary ýeňlişe sezewar etdi. Grek-rim göreşi boýunça 63 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal eýranly Şirzad Beheştitala, kümüş medal bolsa gyrgyz pälwany Tynar Şarşenbekowa nesip etdi. Şeýle-de bu agram derejesinde ýene bir bürünç medala täjigistanly Firuz Mirzorajabow eýe çykdy.


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlyk oýunlary 18-nji awgusta çenli dowam eder. Bäsleşiklere Türkmenistandan 80 türgen gatnaşýar.



Şeýle-de okaň: