Ýaponiýanyň Imperatory hökümetiň täze düzümini tassyklady

11:0012.08.2022
0
1207
Ýaponiýanyň Imperatory hökümetiň täze düzümini tassyklady
Surat: trend.az

Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň geçiren özgerişliklerinden soňra hökümetiň täze düzümini tassyklady. Resmi dabara Tokiodaky Imperator köşgünde geçdi. Bu barada TASS habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.

Ministrler Kabinetiniň düzüminiň Imperator tarapyndan tassyklanmagy Ýaponiýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hökman geçirilýän kadadyr. Dabaranyň dowamynda ministrler nobatma-nobat monarhyň elinden wezipä bellenendikleri baradaky ýörite resminamany kabul edýärler.

Hökümetdäki wezipä bellenen 19 ministriň hatarynda 9 ministriň ilkinji gezek düzüme girýändigi habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň