Turkmenportal logo
07.08.22
44364436
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň futbol birinjiligine badalga berildi
Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň futbol birinjiligine badalga berildi

Şu gün Ýokary liganyň ýaşlar toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol birinjiliginiň täze möwsümine badalga berildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Geçen ýylda bolşy ýaly, birinjilik ugrunda şu ýyl 8 topar ýaryşýar.


Dört duşuşykdan ybarat bolan 1-nji tapgyryň bir duşuşygynda «Ahal» «Nebitçä» asla mümkinçilik galdyrmady. Duşuşygyň «Ahalyň» ýaşlarynyň 5:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Şagadamyň» ýaşlary bolsa «Aşgabadyň» ýaş futbolçylaryny 2:1 hasabynda ýeňdiler. Edil şeýle hasap bilen tamamlanan başga bir duşuşykda «Köpetdag-2» «Merwiň» ýaşlaryndan üstün çykdy. «Altyn asyryň» ýaşlar düzümi bolsa «Energetigiň» ýaşlaryny 6:0 hasabynda ýeňdi.


Ýaşlaryň arasynda milli birinjiligiň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary 14-nji awgustda geçiriler. Şu ýyl bu ýaryşyň iki aýlawdan ybarat boljakdygyny ýatladýarys.


Ýaryş 2019-njy ýylda esaslandyrylypdy. Şol ýyldan bäri yzda galan üç möwsüm hem «Altyn asyr-2»-niň çempionlygy bilen tamamlandy.