Soňky habarlar

Arhiw

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!

17:5405.08.2022
0
1471

Şu gün agşam oýnaljak «Arsenal» - «Krystal Pelas» oýny bilen Angliýanyň premýer-ligasynyň täze möwsümi badalga alar. Öňdebaryjy toparlaryň düzüminde bolup geçen üýtgeşmeler, premýer-liga klublarynyň amala aşyran garaşylan we garaşylmadyk transferleri täze möwsümde-de her bir utuk hem-de her bir orun üçin göreşiň barlyşyksyz geçjekdigine ynam döredýär. Biz hem «Turkmenportalyň» okyjylary üçin dünýäniň iň dartgynly ligasynyň nobatdaky çempionlygyna dalaş etjek toparlaryň mümkinçiliklerini seljerip, ýörite syn taýýarladyk.

«Mançester Siti»

Topary esasy düzümiň birnäçe oýunçylarynyň terk edendigine garamazdan, bu ýyl hem çempionlyk üçin esasy dalaşgär «Mançester Siti» bolmagynda galýar. Sebäbi Hosep Gwardiolanyň tälimçiliginde her möwsümde iň ýokary netijäni maksat edinýän bu topar üçin APL-y birinjilikden başga islendik orunda tamamlamak – şowsuzlyk. Ýöne Gwardiolanyň toparyna bu ýyl liganyň altyn medalyny gazanmak geçen gezekkilerden hem kyn düşüp biler. Munuň esasy sebäbi – topardan gidenleriň gelenlerden köpräkdigi. «Siti» Holand, Fillips, Alwarez ýaly oýunçylary düzümine goşan hem bolsa, Sterlingiň, Zinçenkonyň, Žezusyň, Fernandinýonyň gitmegi bilen «şäherlileriň» düzümi belli bir derejede güýçsüzlendi diýmek bolar. Ýöne muňa garamazdan, hünärmenler «Mançester Sitiniň» çempionlyk mümkinçiligini 60% göterimden ýokary hasaplaýarlar. Toparda Kewin de Bruýne ýaly pleýmeýkeriň, Holand ýaly goluň ysyny oňat duýup bilýän oýunçynyň bardygyny göz öňünde tutsak, Mançester şäheriniň mawy tarapynda ýene çempionlyk aýdymynyň ýaňlanmagynyň gaty mümkindigi bilen ylalaşmak hem bolar. Emma möwsüm uzyn, aralykda Dünýä çempionaty bar, «Sitiniň» ÝÇL hakdaky arzuwy hem henizem öz wysalyna garaşýar. Şonuň üçin hem, güýji beýlekilerden rüstemräk görünýän hem bolsa, «Sitini» öňünden geljekki çempion hökmünde doly ykrar etmek hem çetin.

«Liwerpul»

Edil «Siti» ýaly «Liwerpul» hem tomusda hüjüm çyzygynyň esasy oýunçylarynyň birinden mahrum boldy. Sadio Maneniň Mýunhene gitmegi bilen Ýurgen Klopp üçin öňdäki triony täzeden guramak wezipesi ýüze çykdy. Mundan başga-da topary Minamino ýaly oýunçylaryň terk edendigini hasaba alsaň, «Liwerpulyň» hüjüm çyzygy bu ýyl düýpli özgerişleri başdan geçirmeli bolar. Şol maksat bilen tomusda Darwin Nunýes uly pula satyn alyndy. Şeýle-de Ýurgen hüjümde Mohammed Salahyň, Roberto Firminonyň, Diogu Žotanyň, geçen möwsümde satyn alnan Luis Diasyň, toparyň öz ýetişdiren oýunçylary bolan Kýörtis Jonsuň we Elliotyň hyzmatlaryndan hem peýdalanyp biler. Umuman alnanda, hüjümde täze üçlügi döretmek biraz wagt alar diýmeseň, «Liwerpul» düzüm babatda ozalky deňagramlylygyny saklap galmagy başardy. Hünärmenleriň pikriçe, düzüm we oýun babatda «Liwepul» «Sitiniň» premýer-ligadaky özboluşly het-trigine böwet bolup biljek ýeke-täk topardyr. Eger-de şikesler we başga adatdan daşary päsgelçilikler döremese, «Liwerpul», hakykatdan hem, bu möwsümde çempionlyklaryň sany boýunça «Mançester Ýunaýtediň» (20 çempionlyk) yzyndan ýetip biler.

«Tottenhem»

Antonio Konteden tälim alýan «Tottenhem» transfer möwsüminde o diýen göze düşmedik bolsa-da, barybir, bu topardan täze möwsümde üýtgeşik sensasiýa garaşmak mümkin. Sebäbi Konteniň 2-3 ýyllyk üstünlik getirmäge niýetlenen meýilnamalary ozalky işlän toparlarynda-da netije beripdi. Ýokarda agzalan toparlardan tapawutlylykda, «şporlar» esasy düzümiň esasy oýunçylaryndan mahrum bolmadylar. «Tottenhemiň» derejesini hasaba alsaň, Keýn we Son ýaly oýunçylary saklap galmagyň özi transfer möwsümini üstünlikli geçirmegi aňladýar. Topar, esasan, ortatap oýunçylary düzümine goşdy. Rişarlison, Iw Bissuma, Perişiç, Forster, Langle we Spens «Tottenhemiň» tomusda düzümine goşan oýunçylary. Görşüňiz ýaly, Konte, esasan, uly ýyldyz däl, emma uly peýda getirip biljek oýunçylara üns berdi. Häzirlikçe «Tottenhem» ÝÇL ýollanmasy üçin göreşer diýlip çaklanylýar. Ýöne tälimçiniň Kontedigi we klubyň Keýn hem-de Son ýaly liderleriniň bardygy, olary çempionlyga dalaşgärleriň hataryna goşmaga hem esas berýär.

«Çelsi»

Klubyň eýeleriniň üýtgemegi garaşylyşy ýaly, toparyň maddy mümkinçiliklerini peseltmedi. Tersine, «Çelsi» transfer möwsüminiň iň işjeň klublarynyň biri boldy. Şol işjeňliginiň netijesinde Rahim Sterling, Kalidu Kulibali ýaly uly ýyldyzlar «Stemford Brije» göçdüler. Şeýle-de şu gün «Braýtondan» Mark Kukurelýa satyn alyndy. «Çelside» bolup geçen üýtgeşmeleriň ýene biri täze ýolbaşçylaryň Tomas Tuheliň topardaky täsirini görnetin artdyrandyklarydyr. Hut Tuheliň islegi bilen Lukaku «Intere» yzyna ugradyldy, Ronaldunyň getirilmegi ýaly käbir wariantlardan ýüz öwürildi. Şeýle bolansoň, bu möwsüm üçin jogapkärligiň uly böleginiň tälimçiniň gerdenindedigi hem şübhesiz. Topary Lukaku bilen bir hatarda Kristensen, Rýudiger dagy hem terk etdi. Emma gidenleriň we gelenleriň derejesiniň arasyndaky tapawut «Çelsiniň» peýdasyna bolaýmasa, asla zyýanyna däl. «Aristokratlaryň» täze möwsümde kynçylyk çekip biljek esasy ejiz ýeri ýene-de hüjümi bolup biler. Werneriň hem topardan gitmek ähtimallygynyň artan döwründe bu hasam şeýle. Toparda ýokary derejedäki «9»-lyk oýunçynyň ýokdugy hüjümleri netijeli tamamlamakda nogsanlyklary döretse gerek. Eger-de Tuhel şol meseläniň hem oňyn çözgüdini tapyp bilse, möwsümde öňünde goýlan maksatlara ýetmegi mümkin. Çempionlyk üçin mümkinçiligi o diýen ýokary bolmasa-da «Çelsi» top-4-lük üçin esasy dalaşgärleriň biri hasaplanylýar.

«Mançester Ýunaýted»

Premýer-liganyň uly altylygynyň arasynda täze halypa bilen ýaryşa goşulýan ýeke-täk topar – «Mançester Ýunaýted». Ser Aleksden soňra tälimçiden oňmadyk «Ýunaýted» bu möwsümde Erik ten Hag bilen bagtyny synap görer. Niderlandly hünärmene premýer-liganyň howasynyň nätanyşlygy, üstesine-de dünýä çempionaty sebäpli möwsümiň ir başlanmagy topary entek täze pelsepä uýgunlaşmanka göreşe girişmäge mejbur edýär. Galyberse-de, «Ýunaýted» transfer möwsümini hem baş tälimçiniň isleýşi ýaly geçirip bilmedi. Dogry, Eriksen ýaly oýunçynyň mugt getirilmegi, klubyň iň ejiz nokady bolan merkezi goraga Martinesiň alynmagy, Malasianyň düzüme goşulmagy topary belli bir derejede güýçlendiren ýaly görnüp biler. Emma ten Hagyň transfer sanawynyň iň ýokarsyndaky oýunçy – Frenki de Ýonguň satyn alnyp bilinmändigi transfer möwsümini kanagatlanarly geçdi diýmäge ýol bermeýär. Topary Pogba, Matiç, Mata, Lingard, Telles, Kawani ýaly oýunçylar terk etdi. Elbetde, olaryň arasynda Pogbadan daşgary esasy düzümde ýeri oýulyp durjak oýunçy ýok, emma şol gidenleriň hasabyna ätiýaçlyk oturgyjynyň birneme garyplaşandygy welin hak. Her näme bolsa-da, eşik çalyşylýan otagdaky tertip-düzgüni ýola goýmak, öz pelsepesini topara siňdirmek üçin Erik ten Haga ep-esli wagt gerek bolar. Toparyň esasy maksady bolsa ÝÇL-e ýollanma berýän güýçli dörtlükden ýer almak.

«Arsenal»

Arteta «Arsenal» bilen möwsüme örän çynlakaý taýýarlyk gördi. Has hem möwsüme taýýarlyk döwründäki ýoldaşlyk oýunlary «topçularyň» täze möwsüm üçin maksatlarynyň uludygyny görkezýär. Olarda «Çelsiniň» 4-0, «Sewilýanyň» 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edilmegi, «Arsenalyň» oýunçylarynyň möwsümden ozalky ruhubelentligini üpjün etdi. Transfer möwsüminde «Arsenalyň» esasy söwdalary hökmünde «Mançester Sitiden» Žezusyň we Zinçenkonyň, «Portudan» Wieýranyň satyn alynmagyny görkezmek bolar. Topary esasy oýunçylaryň terk etmändigini göz öňünde tutup aýtsaň, «Arsenalda» hemme zat ýerbe-ýer. Dogry, düzüm babatda Artetanyň tälim berýän topary çempionlyk üçin göreşerden ejizräk, ýöne güýçli dörtlüge girmek üçin gowy mümkinçilik bar. Geçen möwsümde ÝÇL-iň ýollanmasyndan ät galan «Arsenal» üçin esasy maksat hem topary yklymyň klublarynyň arasyndaky iň abraýly ýaryşyna dolanmak hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň