Soňky habarlar

Arhiw

2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi

12:0005.08.2022
0
2744
2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
Surat: gagadget.com

«Android Police» portalynyň redaksiýasy 2022-nji ýylyň iň oňat android-smartfonlarynyň altysyndan ybarat bolan sanawy düzdi. Onda «Redaksiýanyň saýlany» diýen ugur boýunça ýeňijilik we birinji orun «Snapdragon 8 Gen 1» çipsetiniň bazasyndaky «Samsung Galaxy S22 Ultra» smartfonyna degişli boldy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Samsung Galaxy S22 Ulta» smartfonynyň «Galaxy Note» goýberilişindäki telefonlaryň iň oňat häsiýetleriniň eýesidigi bellenýär, günorta koreý smartfonynyň üstünlikleri hökmünde ajaýyp displeýi we ýygnalyşynyň «S Pen» firma artykmaçlyklary görkezilýär. Emma bu smartfon hem kemçilikden halas däl, mysal üçin, käbir ulanyjylary onuň toplumynda güýç beriji enjamyň ýokdugy, smartfonyň nyrhy we onuň göwrümi iňkise salýar.

«Nyrhyň we hiliň iň oňat sazlaşygy» diýen ugur boýunça ýeňijilige we ikinji orna «Google Pixel 6» smartfony eýe boldy. Onuň artykmaçlygy hökmünde esasy surata düşüriji kameranyň alýan suratlarynyň ýokary hili, işjeňligiň ýokary derejesi, öndüriji tarapyndan enjamyň bäş ýyllyk goldawy we beýlekiler görkezilýär. Emma smartfona teleobýektiwiň ýetmeýändigi, kähalatda surata alnanda yşyk zolagynyň emele gelýändigi, barmak yzlaryny tanaýjynyň haýal seslenýändigi, elmydama durnukly bolmadyk täzelenişiň ýetmeýändigi onuň kemçilikleridir.

Sanawda üçünji orny açylyp-ýapylýan «Samsung Galaxy Z Fold3» smartfony eýeledi. Ol çalt işleýär, içki we daşky displeýleri bar hem-de 2025-nji ýyla çenli howpsuzlyk goragyna eýedir.

2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlarynyň sanawyna degişlilikde, 4, 5 we 6-njy orunlary eýelän «Google Pixel 6a», «Samsung Galaxy Z Flip3» we «Pixel 6 Pro» smartfonlary girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň