Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, «Tele2» Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy

10:1205.08.2022
0
7182

1. 6-njy awgustda Türkmenistanda ilkinji gezek täze hünär baýramy – Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler. Baýramçylyk mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2022» atly halkara sergi ýaýbaňlandyrylar.

2. «Tele2» Halkara telekommunikasiýa kompaniýasy russiýaly müşderilerine GDA döwletlerine we Gruziýa jaň etmek üçin täze hyzmaty hödürleýär. «Golaý daşary ýurt» hyzmaty Türkmenistana bir minut üçin 15 rubl nyrhy bilen jaň etmäge mümkinçilik berer. Şonuň bilen bir hatarda abonent tölegi aýda 100 rubla deňdir.

3. Türkmenistanly hünärmenleriň pikirine görä, ýurtdaky iň garry pisse agajy 800 ýaşynda we ol Bathyz döwlet goraghanasynyň Kepele jülgesinde ýerleşýär. Bathyz goraghanasy Tejen we Murgap derýalarynyň arasynda ýerleşýär hem-de onuň meýdanynyň 20 müň gektaryny pisse tokaýlyklary eýeleýär. Häzirki wagtda bu ýerde pisse hasylyny ýygnamaga taýýarlyk görülýär.

4. Tatarystandaky Dostluk Öýünde at gazanan sungat işgäri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Kamil Weliahmedowyň eserleriniň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Tatarstanyň medeniýet ninistriniň orunbasary Damir Natfullin hem gatnaşdy, ol öz çykyşynda bu çäräniň bir bitewi medeniýeti we sungaty bolan iki doganlyk halkyň arasyndaky dialogyň dowamydyny belledi.

5. Gyrgyzystan Birleşen Arap Emirliklerine agyz suwunyň eksportyny ýola goýdy. Çüýşeleriň ilkinji tapgyry eýýäm Dubaýa iberildi. Eksporta gidýän agyz suwly çüýşeler ýörite karton gutulara ýerleşdirilýär. Çüýşeleriň göwrümi 330 we 750 ml, ähli ýazgylar bolsa arap dilindedir.

6. MMA urşujysy Konor Makgregor «Amazon Prime Video» strim gullugy tarapyndan 1989-njy ýylda çykan «Ýoluň ugrundaky jaý» atly filminiň gaýtadan düşürlişinde surata düşer. Bu UFC-niň öňki çempionynyň kinodaky ilkinji roludyr. Surata düşüriş meýdançasynda Makgregora aktýor Jeýk Jillenhol şäriklik eder.

7. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Azerbaýjanyň ýygyndysy bilen Bakuda iki sany dostluk duşuşygyna çykar. Duşuşyklar 17-nji we 19-nji awgusta geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Bakudaky oýunlary 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýanyň Kubogyna taýýarlygyň çäklerinde oýnalýar.

8. Türkmenistanly samboçy türgen Nurana Hezretowa Russiýada geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda 65 kg çenli agram derejede bürünç medala mynasyp boldy. Häzirki wagtda ähli sport oýunlary boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hasabynda 9 medal we 10 baýrakly orun bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň