Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly samboçy gyz «Aziýanyň çagalarynda» bürünç medal gazandy

01:0304.08.2022
0
9011

Türkmenistanly samboçy Nurana Hezretowa «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda 65 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orna mynasyp boldy.

Oýunlara Türkmenistanyň 62 türgen bilen gatnaşýandygyny ýatladýarys. Olar sportuň 9 görnüşi boýunça medallar ugrunda göreşýärler.

Häzire çenli Türkmenistan 9 medal toplady. Oýunlaryň medal sanawynda Türkmenistan 10-njy orny eýeleýär.

Oýunlar 8-nji awgustda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň