Soňky habarlar

Arhiw

Awazada ulag ulgamy boýunça halkara maslahat geçiriler

23:1629.07.2022
1
5693

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen geçirilen geňeşmeleriň esasynda onuň maksatnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy. Maslahata görülýän taýýarlyk barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenstanyň Prezidentine hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu maslahaty geçirmek üçin ähli degişli meseleleri çözmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, Hökümet derejesinde iş toparyny döretmek we 30-njy iýulda onuň birinji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu güne çenli 25 döwletiň we halkara guramalaryň 16-synyň wekilleriniň bu foruma gatnaşjakdyklary baradaky tassyklaýyş hatlary gelip gowuşdy.

Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyn geçirmek bilen baglanyşykly resminamalary taýýarlamagy hem-de degişli iş toparyny döretmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Ak_Ulag ( 02.08.2022 )

Добрый день! Подскажите, пожалуйста, как подать заявку на участие в данной конференции?

0