Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen filmleri TÜRKSOÝ-yň kinofestiwalynda görkeziler

13:5527.07.2022
0
6883

«Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen we şu ýyl görkezilmäge başlan filmleriň ikisi ― Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin» atly çeper filmleri 28 ― 30-njy iýul aralygynda Türkiýäniň Bursa şäherinde TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek kinofestiwalda görkeziler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň ýazyşy ýaly, «Türkmenfilmiň» wekili Sahysalyh Baýramow festiwala gatnaşmak üçin Bursa şäherine bardy. Bu şäheriň 2022-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilendigini ýatladýarys.

Şu ýyl birleşigiň başga bir režissýory Wepa Işangulyýewiň «Nejep oglan» atly çeper filminiň Gorkut ara türk dünýäsi kinofestiwalynda görkezilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň