Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynda Türkmenistanyň finaldaky garşydaşy belli boldy

01:1327.07.2022
0
8104

Gyrgyzystanyň woleýbol boýunça erkekler ýygyndysy Bişkekde dowam edýän Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdy. Ýer eýeleri ýarym finalda Gazagystanyň ýygyndysyny 3:1 (25:23, 25:22, 19:25, 25:16) hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Şeýlelikde gyrgyz woleýbolçylary finalda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen baş baýrak üçin göreşerler. Üçünji orun üçin oýun bolsa Gazagystanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçer. Duşuşyklaryň ikisi hem 27-nji iýulda geçiriler.
Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýarym finalynda Özbegistanyň ýygyndysyndan rüstem gelipdiler. Duşuşyk 3:0 (25:20, 25:10, 25:15) hasabynda Türkmenistanyň peýdasyna tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň