Turkmenportal logo
26.07.22
14911491
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Tesla» bitkoiniň hümmediniň arzanlamagy bilen baglylykda ýitgi çekdi
Surat: trend.az

Amerikanyň elektrik ulaglaryny öndüriji «Tesla» kompaniýasy üstümizdäki ýylyň birinji ýarym ýylynda bitkoiniň hümmediniň aşaklamagy bilen baglylykda, 170 million dollar möçberinde ýitgi çekdi diýip, kompaniýanyň ABŞ-nyň Gymmatbaha kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasy (SEC) üçin resminamalarynda aýdylýar. Bu barada «Interfaksa» esaslanyp, «Trend» ýazýar.


Şol bir wagtda kompaniýanyň kriptopullaryň satuwy boýunça geleşiklerden 64 million dollar girdeji gazanandygy habar berilýär.


«Teslanyň» başlygy Ilon Mask Şanhaýda koronawirusyň möwjemegi bilen baglylykda girizilen çäklendirmeler üçin kärhanasynyň ýapylandygyny we pul serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen geçen hepdede kompaniýanyň bahasy 936 million dollara deň bolan bitkoin satandygyny habar berdi.


Ýagny «Tesla» özünde bar bolan bitkoiniň 75 göterime golaýyny satdy, umumylykda kompaniýa 1,5 milliard dollara deň bolan bitkoiniň eýesidi, iýunyň aýagynda onuň 218 million dollarlyk bitkoini galdy.


Kompaniýanyň paýnamalarynyň duşenbedäki söwdalaşyklarda 0,9 göterim arzanlandygy habarda bellenýär.