Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda giriş synaglary başlaýar

09:5726.07.2022
0
35131

Ertirden başlap, Türkmenistanyň dürli sebitlerinden dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyryp başlarlar. Soňky ýyllarda bolşy ýaly, synaglar Aşgabatda we welaýatlarda geçirilýär.

Giriş synaglary boýunça her okuw mekdebiniň öz kabul ediş tertibi bar. Ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde giriş synaglary 22-nji awgustda tamamlanar.

Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň synaglary bolsa Daşoguzda, Maryda we Lebap welaýatlarynda yzygiderli geçiriler we awgust aýynyň ortalarynda tamamlanar. «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, käbir orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglary awgust aýynyň ilkinji ongünlüginde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň