Turkmenportal logo
25.07.22
17081708
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GAR-yň Prezidenti Afrikanyň ýurtlaryny dänäniň importyndan garaşlylygy azaltmaga çagyrdy
Surat: trend.az

Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa afrikan döwletlerini dänäniň importyna garaşlylygy azaltmaga hem-de yklymda öz däne we dökün önümçiligini artdyrmaga çagyrýar. Bu barada «The Guardian» neşirine esaslanyp, «Interfaks» habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.


Prezident bu barada Pretoriýadaky metbugat ýygnagynda belledi diýip, neşir ýazýar. Ol çykyşynda yklymyň ýurtlaryny öňdäki bäş ýyl üçin ady tutulan önümleriň diňe importyna garaşlylygy saklamalymy ýa-da öz önümlerini öndürmegi giňeltmäge girişmelimi, haýsysynyň ýerliklidigini çözmäge çagyrdy. Ramasofa: «Afrika öz dökünlerini öndürmäge girişmelidir» diýip nygtady.


Afrikada we Ýakyn Gündogarda soňky aýlarda daşalmagyň kemelmegi netijesinde dänäniň nyrhy görnetin gymmatlady.