Top.Mail.Ru

«Ýüzükleriň hökümdary. Häkimligiň ýüzükleri» serialynyň birinji treýleri çykdy

16:5125.07.2022
0
1344
«Ýüzükleriň hökümdary. Häkimligiň ýüzükleri» serialynyň birinji treýleri çykdy
Surat: film.ru

«Ýüzükleriň hökümdary. Häkimligiň ýüzükleri» serialynyň birinji, doly möçberli treýleri çykdy, oňa «Amazon Prime» striming serwisiniň Ýoutube-ýaýlymynda tomaşa edip bolýar diýip, «Izwestiýa» ýazýar.

Täze serialdaky wakalar Ortaýeriň Ikinji eýýamynda— ýazyjy Tolkieniň kitaplarynda beýan edilýän wakalardan müň ýyl öň bolup geçýär. Treýlerdäki görnüşlerden belli bolşuna görä, Ortaýeriň ýaşaýjylary beýik urşy başdan geçiripdiler. Gara güýç ýok edilipdir, elfler, gnomlar, adamlar we hobbitler asuda durmuşa öwrenişipdiler.

Emma elf gyzy Galadriel duşmany doly ýok etmek başartmady, ol diňe amatly pursady agtaryp gizlendi diýip hasaplaýar. Ýarym elf Elrond ony birahat bolara esas ýokdugyna ynandyrýar. Emma gara güýçler, hakykatdanam, täzeden söweşe taýýarlyk görýärler. Gara güýçleriň hökümdary, ýekirilen Sauron hem uly urşa taýýarlanýar, ol Ortaýeri basyp almasa, ynjalarly däl.

Umumy taslama bahasy 1 milliard amerikan dollary möçberinde kesgitlenen täze serialyň öňdäki 2-nji sentýabrda ilkinji görkezilişine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň