Turkmenportal logo
25.07.22
16431643
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Disney» we «Sony» rus prokatyna deňeçer importyň ýoly bilen dolanmak isleýärler
«Disney» we «Sony»  rus prokatyna deňeçer importyň ýoly bilen dolanmak isleýärler

«Disney» we «Sony» kinostudiýalary rus prokatyna deňeçer importyň üsti bilen dolanmak isleýärler. Bu barada RF-niň Kinoteatrlar assosiasiýasynyň başlygy Alekseý Woronkow beýanat berdi diýip, «Izwestiýa» ýazýar.


Woronkow öň rus prokatyny terk eden «Disney» we «Sony», şeýle-de «Paramount» hem-de «Warner Brothers» studiýalarynyň ýurda deňeçer importyň ýollaryny gözleýändiklerini nygtady.


Ýeri gelende aýtsak, geçen mart aýynda «Sony Pictures» hem-de «Walt Disney Company» studiýalary Russiýadaky işini bes edýändiklerini resmi mälim edipdiler.