Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sport göreşi boýunça ýetginjekler ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşýar

06:0025.07.2022
0
9041

Türkmenistanyň ýygyndysy 25 ― 31-nji iýul aralygynda Italiýanyň Rim şäherinde sport göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşýar.

Grek-rim göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşmak üçin ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden Rime ýygnanan ýetginjekler 45, 48, 51, 55, 60, 65, 71, 80, 92 we 110 kilograma çenli agram derejelerinde güýç synanyşarlar.

Ýaryşa Türkmenistandan iki türgen ― Şatlyk Ýunusow (60 kilograma çenli) bilen Kakabaý Kakabaýew (65 kilograma çenli) wekilçilik eder.

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysyna bolsa Azymberdi Aşyrgulyýew (45 kilograma çenli), Ysmaýyl Muhammedow (55 kilograma çenli), Alp Arslan Begenjow (65 kilograma çenli) we Parahat Ataýew (80 kilograma çenli) dagylar wekilçilik edýär.

Ýaryşdan öň türkmen türgenleri Azerbaýjan okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler.

Şu ýyl sport göreşi boýunça Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleriniň dört medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Has takygy, yklym ýaryşynda erkin göreş boýunça Alp Arslan Begenjow altyn, Azymberdi Aşyrgulyýew bilen Parahat Ataýew bürünç, grek-rim göreşi boýunça Kakabaý Kakabaýew hem bürünç medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň