Turkmenportal logo
19.07.22
59645964
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
SOCAR bilen Ýewropa Bileleşigi TANAP we TAP-yň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
SOCAR bilen Ýewropa Bileleşigi TANAP we TAP-yň geljegini ara alyp maslahatlaşdylarSurat: report.az

SOCAR-yň birinji wise-prezidenti Rowşan Najaf Ýewropa Bileleşiginiň energiýa komissary Kadri Simson bilen duşuşdy. Bu barada report.az ýazýar.


Duşuşykda Azerbaýjanda gaz önümçiliginiň ösüşi, şeýle hem TANAP we TAP turbageçirijileriniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Şeýle hem, 18-nji iýulda Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energiýa pudagynda strategiki hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilendigi bellenildi.


Häzirki wagtda Azerbaýjandan Ýewropa iberilýän gazyň mukdary 8 milliard kub metrdir. Ýakyn geljekde onuň mukdaryny 12 milliard kub metre, geljek ýyllarda bolsa 20 milliard kub metre çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.