Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Tudors» dükany erkekler üçin ysy durnukly atyrlaryň dürli görnüşlerini tanyşdyrýar

15:1618.07.2022
0
12535

Bahar paslynyň ahyrky günlerinde «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde açylan «Tudors» egin-eşikleriň we aksessuarlaryň dükany erkekler üçin niýetlenen parfýum atyrlarynyň köpsanly görnüşlerini alyjylara hödürleýär.

«Tudors» ilkibaşda erkek köýnekleriniň modasynda özüni tanadan hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen parfýum ýaly kosmetika önümlerini öndürip önümçilik şahalaryny giňeltdi. «Tudors» parfýumleri özüne mahsus bolan çekiji, gelşikli, şadyýan we näzik hoşboý anbar yslary bilen, dürli ýaşdaky erkeklere niýetlenendir. Dogry saýlanyp alnan parfýum bolsa döwrebap durmuş ýörelgesine eýerýän her bir erkek kişiniň keşbiniň özboluşly tarapyny alamatlandyrýar.

«Tudors» parfýumleriniň hiliň baha bilen baglanyşykly bolmalydygyny subut edýän mysaly — dürli görnüşdäki ýokary hilli parfýumleriň hemmesiniň bir bahadan, ýagny 199 manatdan alyjylara hödürlenmegidir.

«Tudors» brendi parfýuminiň her bir notasyny ünsli alyp töwerege ýayradýan ysynyň täsirli we uzak wagtlap saklanyp galmagyny başardy. «Tudors» brendiniň Silver, Gold, Black, Zero, Sport, Classic, Aqua, Dynamic, Intense, Dark Azure, Dark Royal, Dark Nobele, Dark Brave, Dark Ruby, Urban Hero, Urban Life, Urban Vibe, The Spirit, The Sign, The Legend, The Time, The Gentle, Courage, Freedom ýaly biri-birinden tapawutlanýan onlarça görnüşleri bardyr. Öz içinde ysy we häsiýetleri boyunça biri-birinden tapawutly parfýumlerden islendigini «Tudors» dükanyndan alyp bilersiňiz.

«Tudors» dükanynda dürli ýagdaýlar üçin sepinmäge niýetlenen parfýum atyrlaryny tapmak bolýar. Olardan sport bilen meşgullanmakda sepinmek üçin ünsi özüne çekiji sitrusly we kuwwatlandyryjy ysly, işewürlik duşuşyklary üçin aýratyn ýakymly ysly parfýumlere, şeýle-de romantika duşuşyklarynda sepinmäge laýyk gelýän greýpfrut we bergamot yslarynyň kompozisiýasy bolan parfýum atyrlaryna aýratyn isleg bildirilýär.

Alyjylar «Tudors» brendini ýokary hili, döwrebaplygy hem-de ajaýyp ysy üçin saýlap alýarlar. Häzirki wagtda brendiň Ýer ýüzi boýunça 200-den gowrak resmi dükany hereket edýär.

«Tudors» dükany «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda D59e belgili dükanda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 62) 60 21 53;
  • IMO hasaby: (+993 61) 64 88 73;
  • Dükanyň sosial media ulgamyndaky hasaby.

Şeýle-de okaň:

Aşgabatda Türkiýäniň «Tudors» brendiniň ilkinji dükany açylar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň