Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

12:5518.07.2022
0
15224

Lebap welaýatynyň awtomobil mekdepleri ähli isleg bildirýänleri awtoulaglary dolandyrmak boýunça okuwlara çagyrýar. Dürli derejeli awtoulag serişdelerini dolandyrmak boýunça dalaşgärlere hünär öwretmegiň Maksatnamasy hödürlenýär.

Sapaklar zerur bolan tehniki serişdeler we enjamlar bilen üpjün edilen giň okuw otaglarynda geçirilýär. Okuwlar türkmen we rus dillerinde alnyp barylýar. Ýaş derejesi – 18 ýaşdan ýigitler we gyzlar kabul edilýär.

Müşderiler üçin aşakdaky hyzmatlar hereket edýär:

  • okuwyň tölegini bank karty bilen tölemek mümkinçiligi
  • her bir müşderä aýratynlykda çemeleşme
  • okuwyň möhleti 2 aýdan 3 aýa çenli
  • okuwyň wagtyny saýlamak mümkinçiligi irden/agşam
  • taýýarlygyň ýokary derejesi
  • ýokary hünär derejeli hünärmenler

Okuwa kabul edilmek üçin gerek bolan resminamalar: raýatlyk pasportynyň göçürmesi we hakykysy, lukmançylyk kepilnamasy (forma № 083), narkologdan we psihologdan saglyk hakynda kepilnama, 3x4 ölçegdäki üç sany fotosurat

Birleşigiň awtomekdep.edu.tm resmi saýtyna girmek arkaly ýörite sahypada ýerleşdirilen zolaga öz şahsy maglumatlaryňyzy (F.A.A. ady, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) girizmek we ýokarda agzalan resminamalaryň skanirlenen göçürmelerini ýüklemek arkaly özüňizi resmileşdirmegiň mümkindigini hem bellemek gerek.

Lebap welaýatyndaky awtomobil mekdepleriniň salgylary we habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Lebap welaýaty, Türkmenabat ş. (şahamçasy), Ýalkym köç. 1-nji jaý, telefon: (8 00 422) 3 34 12;
  • Saýat etraby, Saýat ş., Suwçy köç, 1-nji jaý, «A» bina telefon: (8 00 447) 2 34 24;
  • Halaç etraby, Halaç ş., Ärsarybaba köç, 22-nji jaý, telefon: (+993 65) 23 22 70;
  • Kerki etraby, Kerki ş., S.Nyýazow köç, 98-nji jaý, telefon: (+993 63) 53 50 24;
  • Döwletli etraby, Dostluk ş., Magtymguly köç, 9-njy jaý, telefon: (+993 65) 22 05 18;
  • Köýtendag etraby, Köýtendag ş., Ruhnama köç, 20-nji jaý, telefon: (+993 61) 78 26 53;
  • Dänew etraby, Dänew ş., S.Nyýazow şaýoly, 4-nji jaý, telefon: (+993 65) 94 10 29;
  • Çärjew etraby, «Ýasy depe» daýhan birleşigi, Kadyr Öwezow köç, 47-nji jaý: (+993 64) 23 19 63.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň