Şotlandiýanyň Milli galareýasynyň hünärmenleri nusgawy nakgaş Winsent wan Goguň öz belli bolmadyk awtoportret eserini tapdylar, ol suratkeşiň «Ak çepesli (çepes - aýallaryň ýa-da çagalaryň ýukajyk ýeňil sümmenleri) daýhan aýalyň portreti» («Портрет крестьянки в белом чепце») atly meşhur eseriniň aşagynda oňat gizlenipdir diýip, «The Guardian» habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.
Sungat eseri galareýa 1960-njy ýylda edinburgly adwokat Aleksandr Meýtlend tarapyndan sowgat berlipdir, şunça ýyllap sungaty öwrenijiler onuň ikinji gatlagynyň bardygyny bilmändirler.
Golaýda muzeýde tomusky sergä taýýarlyk görülýärkä, kartinany rentgen şöhleleri bilen ýagtylandyryp, alnan rentgen suratlary fotolaboratoriýada täzeden işleýärkäler, ol ýerden Wan Goguň seredip duran keşbiniň üstünden barýarlar.
Hünärmenler kartinanyň Wan Goguň synag awtoportretleriniň bir bölegidigini belleýärler. Öň hem nakgaşyň şeýle işleriniň bäşisi Niderlandiýanyň muzeýinde saklanýar.