Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!

15:1008.07.2022
0
1797

Birnäçe gün ozal Kriştianu Ronaldunyň «Mançetser Ýunaýtediň» ýolbaşçylaryna özüni kanagatlandyrýan teklipleriň ýüze çykan ýagdaýynda topary terk etjekdigini aýdandygy barada habarlar peýda boldy. Futbol jemgyýetçiligi käbir çeşmeleriň auditoriýany güýmemek üçin ýaýradýan nobatdaky myş-myşy hökmünde bu habara birbada o diýen gulak gabartmady. Ýöne oýunçynyň Portugaliýadan öz wagtynda toparyň ygtyýaryna dolanmazlygy, dört gün bäri maşgala ýagdaýy sebäpli türgenleşiklere gatnaşmazlygy, hatda bu gün ugralýan möwsümden ozalky taýýarlyk ýygnanyşygyna hem goşulyp goşulmajakdygynyň nämälimligine galmagy Ronaldunyň «Ýunaýtedden» gitjekdigi baradaky gürrüňleriň otsuz çykan tüsse däldigini görkezýär. Bularyň üstesine, sport neşirlerinde onuň agenti Mendeşiň Ronaldu babatda dürli toparlar bilen gepleşikler geçirýändigi barada yzly-yzyna ýazylmagy hem bu meseläniň näderejede çynlakaýdygyna güwä geçýär. Şulary göz öňünde tutup, «Turkmenportal» web saýty ynamdar çeşmeleriň maglumatlary esasynda türkmen janköýerleri üçin Ronaldu we «Ýunaýted» wakalary boýunça ýörite seljerme taýýarlady:

Ronaldu näme üçin gitmek isleýär?

Elbetde, Ronaldunyň «Mançester Ýunaýtede» bolan çäksiz hormatynyň we topar bilen bagly ýakymly ýatlamalarynyň bardygy şübhesiz hakykat. Emma ol eger ýene bir ýyl «Old Traffordda» galsa, indiki möwsümde Ýewropa çempionlar ligasyna gatnaşyp bilmez. Onuň professional karýerasy başlanaly bäri ÝÇL-iň heniz hiç bir möwsümi Ronaldusyz geçmändi. Ronaldu şu mahala çenli bäş gezek bu ýaryşyň çempionlygyna mynasyp boldy. Ol geçen möwsümden öň bu ugurda Ýewropanyň iň öňdäki oýunçysydy. Ýöne geçen möwsümde «Realyň» ÝÇL-de gazanan ýeňşi arkaly ozalky topardaşlarynyň birnäçesi bu görkeziji boýunça onuň yzyndan ýetdiler. Şonuň üçin hem hemişe iň gowusy bolmaga endik eden Ronaldu ýene bir gezek Ýewropa çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak, iň bolmanda şoňa synanyşyp görmek isleýär. Munuň üçin bolsa «Ýunaýtedden» gitmek gerek. Galyberse-de, karýerasyny tamamlamagyna sanlyja ýyl galan Ronaldu mümkingadar köpräk titullara eýe bolmak isleýär. «Mançester Ýunaýted» bolsa geçen möwsümde hiç bir kubok üçin çynlakaý göreşip bilmedi. Dogry, Erik ten Hagyň baş tälimçilige bellenilmegi indiki möwsüm üçin biraz umyt oýarýar, emma toparyň transfer bazaryndaky aşa passiw hereketi Ronaldunyň sabyr käsesiniň püre-pürlenmegine getirdi. Deňeşdirmek üçin, «Mançester Ýunaýtediň» esasy garşydaşlary bolan «Mançester Siti» Erling Holandy, «Liwerpul» bolsa Dawid Nunýezi eýýämden düzümine goşdy. Hatda «Tottenhem» we «Arsenal» hem transferler babatda «Mançester Ýunaýtede» garanyňda has aýgytly hereket edýär. Ronaldunyň täze «top» oýunçylaryň gerekdigi barada gaýta-gaýta nygtamagyna garamazdan, topar häzirlikçe Frenki de Ýongyň transferi boýunça-da hiç hili öňegidişlik gazanyp bilmedi. Netijede, hut şu sebäpler üçin hem Ronaldu «Mançester Ýunaýted» bilen ýoluny aýyrmak barada pikirlenip ugrady.

Ronaldunyň gitmegi barada topar nähili pikirde?

Birinji tarapdan «Mançester Ýunaýted» Ronalduny satmak barada pikirlenmeýäne meňzeýär. Toparyň ýolbaşçylarynyň oýunçyny şertnamasy dolýança alyp galmak isleýändigi, täze baş tälimçi Erik ten Hagyň Ronaldu bilen işleşmek hyýalynyň bardygy barada ençeme habarlar ýaýrady. Niderlandly hünärmeniň özi hem topara gelen badyna portugaliýaly superýyldyz hakynda öwgüli sözler aýtdy. Ýöne teňňäniň ikinji tarapy hem bar. Aslynda, «Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylarynyň hut Ronaldunyň gitmeginiň tarapdarydygy bolmaklary-da mümkin. Sebäbi käbir çeşmeler gyşky arakesmede Ralf Ragnigiň Kriştianuny satyp, ornuna has ýeňil gopýan ýaş hüjümçi satyn almagy sorandygyny, ýöne bu teklibiň jogapsyz galdyrylandygyny mälim etdiler. Beýleki bir tarapdan Ronaldunyň Erik ten Hagyň oýun uslybyna gabat gelip gelmejekdigi hem gümana. Galyberse-de, APL-yň iň köp hak alýan oýunçysynyň topardan gitmegi maddy tarapdan hem topara peýda getirer. Ýöne soňky ýyllardaky şowsuz geçirilen möwsümler arkaly janköýerleriň gazabyna duçar bolan ýolbaşçylar hiç haçan hem Erik ten Hag sebäpli Ronaldu ýaly uly figurany topardan aýyrmak barada söz açyp bilmezdiler. Hut şonuň üçin hem, olaryň Ronaldunyň özüni meýletin gitmäge mejburlaýan bolmaklary hem ähtimal. Sebäbi şeýle bolan ýagdaýynda janköýerler ähli günäni toparyň däl-de, oýunçynyň boýnuna ýükleýärler.

Ronaldu haýsy topara goşulyp biler?

Dogry, Ronaldu özüniň karýerasynyň çürbaşynda däl, emma ol häzirem jerime meýdançasynyň içinde ýeterlik derejede howply hüjümçi. Dalaşgärleriň arasynda ilkinji hatarlarda «Çelsiniň» ady dile alynýar. Geçen aýda oýunçynyň agenti Mendeş bilen «Çelsiniň» täze eýesi Todd Bouliniň arasynda bolan söhbetdeşlikde Ronaldu barada gürrüň gozgalandygy aýdylýar. Romelu Lukakuny «Intere» ugradan londonlylaryň onuň ýerini Ronaldu bilen doldurmaklary, elbetde, bolup biljek zat. Ýöne häzire çenli bu transfer barasynda kesgitli zat beýan edilmedi. Galyberse-de, «Mançester Ýunaýtediň» öz liderini premýer-ligadaky esasy garşydaşyna bermek islemezligi-de ahmal. Ikinji esasy dalaşgär hökmünde «Bawariýanyň» ady tutulýar. Hüjümçi Robert Lewandowski bilen belli bir derejede «Ýunaýted» — Ronaldu wakasyny başdan geçirýän Mýunhen topary, polşaly forwardyň giden ýagdaýynda Kriştianuny düzümine goşmak isläp biler. Ýöne onuň üçin, ilki bilen, Lewandowskiniň Mýunheni terk etmegi gerek. Ronalduny düzümine goşmaga üçünji esasy dalaşgär Fransiýanyň «PSŽ» topary. Fransuz topary üçin bu transfer oýun we netijeden hem öňürti, Ronaldu – Messi jübütligini bilelikde meýdança çykarmak üçin gyzykly duýulsa gerek. Her hili ýagdaýda-da, iň bolmanda, Fransiýanyň çempionatynda altyn medala eýe çykýan topar Ronaldunyň hem ünsüni egläp biler. Şeýle-de «Barselona», «Napoli» we «Sporting» ýaly toparlaryň hem Ronalduny düzümine goşmagy mümkindigi barada myş-myşlar bar. Ýöne hakykatyň gözi bilen seredeniňde, bu gürrüňler amala aşmajak işlere meňzeýär.

Ronaldunyň gitmegi topara nähili täsir eder?

Ronaldunyň gitmeginiň topary täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz etjekdigi ikuçsuz. Sebäbi Erik ten Hag täze möwsüm üçin meýilnamasyny hut Ronaldunyň daşynda gurdy. Şonuň üçin-de tälimçiniň täze alynmaly oýunçylarynyň sanawynda hüjüm çyzygy üçin edilmeli transferlere o diýen üns berilmedi. Eger-de Ronaldu gidäýse, onda topar onuň ýerini içerki mümkinçilikleriň hasabyna doldurmaly bolar. Bu bolsa ýeňil-ýelpaý iş däl. Dogry, esasy hüjümçiniň gitmegi bilen kölegede galanlar hasaplanylýan Reşford, Sanço ýaly oýunçylaryň azda-kände ösüş gazanmaklary mümkin, emma, barybir, arassa 9-lyk hüjümçisiz tutuş möwsümi alyp çykmak başardardan müşgil wezipe ýaly görünýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň