Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy ilki türkmen alymlary tarapyndan düýpli öwrenildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde bu sebit üçin gurulmagy meýilleşdirilýän köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň hasaplama-taslama işleri ýerine ýetirilip, stansiýanyň taslama kuwwatlylygy günler, aýlar we ýyllar boýunça kesgitlenildi.
Ýerine ýetirilen hasaplama-taslama işlerinde ylmy-önümçilik merkezinde işlenilip düzülen döwrebap programmalardan peýdalanyldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginde «ýaşyl» energiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerden goralmagy, netijede, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylyk üpjün ediler.
Mälim bolşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň ýakynda geçirilen mejlisinde Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, «Serdar» elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berilmegi bilen bagly degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlanylyp, elektrik stansiýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.