Soňky habarlar

Arhiw

Howa gatnawlary dikeldilenden soň Aşgabatdan Moskwa ilkinji gatnaw amala aşyryldy

23:2005.07.2022
0
47818

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawlarynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen, şu gün Aşgabatdan Moskwa şäherine ilkinji ýolagçy howa gatnawy ýerine ýetirildi. Muny Moskwanyň Domodedowo howa menziliniň onlaýn-görkezijisinden hem görmek bolýar.

Boeing 737-800 kysymly uçar Aşgabat wagty bilen sagat 19:27-de Moskwa tarap uçdy.

Indiden başlap Aşgabat — Moskwa ugry boýunça gatnawlar hepdäniň sişenbe hem-de penşenbe günleri amala aşyrylar. Moskwadan uçarlar yzyna bolsa Türkmenbaşy howa menziline geler.

Ýatlatsak, Aşgabat bilen Moskwa şäherleriniň arasyndaky yzygiderli ýolagçy howa gatnawlary koronawirus pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy. 2022-nji ýylyň iýun aýynyň başynda bolsa «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Kazan gatnaw ugry boýunça Russiýa yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýup başlady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň