Türkmenistandan Türkiýä türkmen gazyny getirmegiň 3 usuly işlenip düzülýär, bu ugurda taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Bu barada Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý gürrüň berdi — diýip, «Nefetgaz.ru» habar berýär.
Bellenilşi ýaly, şu aşakdaky usullaryň üstünde işlenilýär:
- Hazaryň üsti bilen TANAP ugruny peýdalanmak;
- SWAP ylalaşygy ýa-da turba geçirijiler arkaly;
- Turba geçirijä çenli deňiz ýoly arkaly.
Türkiýäniň wise-prezidenti bu taslamany tamamlamaga ýakyn gelnendigini, netijä tiz ýemek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw berýändigini belleýär.
Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda üçtaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, ýylda 1,5-2 mlrd kub metr möçberde tebigy gazyň Eýranyň çäginiň üsti bilen Azerbaýjana swoplaýyn ibermek şertnamasy durmuşa geçirilip başlandy. Ibermeleriň möçberi degişlilikde, o diýen köp däl — günde 4 mln kub metrden gowrak.
Şertnamada Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ýylda 1,5-2 mlrd kub metr türkmen gazyny ibermekligi göz öňünde tutulýar.
2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýran we Azerbaýjan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gaz alyş-çalşygyny iki esse artdyrmagy ylalaşdylar. Degişli resminama Eýranyň nebit ministri J.Ouji bilen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri M.Jabbarow gol çekdi.
Habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikiaraplaýyn özara bähbitli hyzmtdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.