Turkmenportal logo
05.07.22
1166811668
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurban Berdiýew Töwrize bardy

Gurban Berdiýew Töwriz şäherine baryp, ýakynda şertnama baglaşan täze toparynyň ― «Traktoryň» klub infrastrukturasy bilen tanyşdy.


Ýerli wekiller türkmenistanly tälimçini toparyň türgenleşik bazasyna we «Ýadegar-e Emam» stadionyna aýlap görkezdiler.


Şeýle hem tälimçi klubyň dolandyryş binasy, myhmanhanasy, sport zaly, saglyk merkezi we tälimçiler binasy bilen tanyşdy.


Gurban Berdiýewiň klubyň ýolbaşçylaryna öz teklipleridir haýyşlaryny hem ýetirdi.