Soňky habarlar

Arhiw

Swýontek ahyrsoňy saklandy

23:2102.07.2022
0
322
Swýontek ahyrsoňy saklandy
Surat: sport.pl

Dünýäniň birinji raketkasy polşaly Iga Swýontek WTA turnirlerindäki ýeňişli ýörişini bes etmäge mejbur boldy. Ol «Uimbldonyň» üçünji aýlawynyň duşuşygynda fransiýaly Aliza Korneden 6-4, 6-2 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, WTA reýtinginiň kerwenbaşysynyň bassyr ýeňiş gazanmak boýunça 37 oýundan ybarat seriýasy tamamlandy. Bu ýeňişli seriýa zenanlaryň arasynda XXI asyrdaky iň uzyny, umumylykda bolsa, bäşinji görkezijidir. Zenanlaryň arasynda bassyr ýeňiş gazanmak boýunça iň uzyn seriýa yzly-yzyna 74 duşuşygy öz peýdasyna tamamlan Martina Nawratilowa degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň