Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysynyň Aziýanyň kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

12:4702.07.2022
0
6536

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysynyň şu ýylyň 6 ― 10-njy iýuly aralygynda Singapurda geçiriljek Aziýanyň kubogyndaky garşydaşlary belli boldy.

Yklym ýaryşyna 30 ýygyndy gatnaşar. Türkmen ýygyndysy saýlama duşuşyklaryny 7-nji iýulda geçirer. Ýaryşyň üçünji gününde bolsa esasy duşuşyklara badalga berler.

Yklym ýaryşynyň erkekler bölüminde diňe üç ýygyndynyň ― Singapuryň (ýer eýesi), Awstraliýanyň (häzirki çempion) we Mongoliýanyň (reýtingiň kerwenbaşysy) esasy ýaryşlardaky ýeri kesgitlidir. Galan ýygyndylar olaryň hataryna goşulmak üçin saýlama duşuşyklaryny geçirmeli bolarlar. Saýlama duşuşyklar her birinde üç ýygyndy bolan dokuz toparçada geçiriler.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Hindistanyň we Palestinanyň ýygyndylary bilen «E» toparçada ýaryşar. Toparçadaky duşuşyklaryň netijesinde diňe birinji orny eýelän ýygyndy ýaryşy dowam etdirip biler.

Türkmen ýygyndysyna Ýewgeniý Nazipow, Ysmaýyl Arazmämmedow, Annaguly Hojagulyýew we Merdan Hojamämmedow dagylar wekilçilik edýär. Milli ýygyndymyza Toýly Baýryýew tälim berýär.

Türkmenistanly basketbolçylar 7-nji iýul güni ilkinji duşuşygyny gündiz sagat 11:40-da Palestinanyň, ikinji duşuşygyny bolsa şol gün 19:55-de Hindistanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň