Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dragon Oil» bilen Türkmenistan Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýyla çenli uzaltdylar

12:2501.07.2022
0
15889
«Dragon Oil» bilen Türkmenistan Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýyla çenli uzaltdylar
Surat: oilgas.gov.tm

«Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda şertnama gol çekildi diýip, «Nebit-gaz» gazetiniň elektron neşirinde bellenilýär.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwanyň bellemegine görä, täze ylalaşyga laýyklykda kompaniýa 2025-2035-nji ýyllarda uly möçberde maýa goýmagy maksat edinýär we bu çig nebitiň goşmaça çykarylýan mukdaryny artdyrmaga ýardam eder.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowyň şertnama gol çekmek dabarasynda belleýşi ýaly, konsern tarapyndan önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda geljekki 10 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, hususan-da, «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde ýataklary özleşdirmek boýunça işleri tizleşdirmek nazarda tutulýar.

Belläp geçsek, çeşmede habar berlişine görä, häzirki wagtda kompaniýanyň Direktorlar geňeşi 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda nebit çykarmagyň durnukly derejesini bir gije-gündizde 100 000 barrel derejesinde üpjün etmegi maksat edindiler. Şonuň bilen birlikde hem, «Dragon Oil» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky şertnamanyň ozalky kesgitlenen möhletiniň 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli dowam edýändigini bellemek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň