Arhiw

Ýewropada gazyň bahasy bir müň kubmetr üçin 1600 amerikan dollaryna golaýlady

11:1601.07.2022
0
316
Ýewropada gazyň bahasy bir müň kubmetr üçin 1600 amerikan dollaryna golaýlady
Surat: profile.ru

Ýewropada düýnki birža söwdalaşyklarynda tebigy gazyň nyrhy bir müň kubmetr üçin 1600 ABŞ dollaryna golaýlady, muňa Londonyň ICE biržasynyň maglumatlary güwä geçýär diýip, TASS habarlar gullugyna esaslanýan «Belta.by» saýty ýazýar.

Şunlukda, Niderlandlaryň TTF habarynda awgust aýy üçin fýuçersiň bahasy 4 göterime golaý gymmatlady we MWt/ sag. üçin 145,75 ýewro deň boldy.

Nyrhyň gymmatlamagyna RF-niň «Gazprom» kompaniýasynyň «Demirgazyk akym» ugry boýunça gazyň akdyrylyşyny turbageçirijiniň geçirijilik kuwwatlylygynyň 40 göterimine çenli azaltmagy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň