Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda adatdan daşary yssy howa zerarly otlularyň tizligine çäklendirmeler girizildi

11:2901.07.2022
0
4882
Gazagystanda adatdan daşary yssy howa zerarly otlularyň tizligine çäklendirmeler girizildi
Surat: kazpravda.kz

Gazagystanyň käbir welaýatlarynda howanyň temperaturasynyň adatdan daşary derejede gyzmagy zerarly gatnaw otlularynyň tizligine çäklendirmeler girizildi diýip, «KTŽ» döwlet demir ýol kompaniýasynyň metbugat beýanatyna salgylanyp, «Казахстанская правда» neşiri habar berýär.

Adatdan daşary dereje yssy howanyň bolmagy bilen ýurduň degişli welaýatlarynda howanyň temperaturasy + 40°С - + 45°С derejä ýetýär, beýle ýagdaýda relsler bolsa + 58°С - 62°С derejä çenli gyzýar.

Bu çäklendirmeler ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen girizildi. Şonuň üçin hem otlular barmaly ýerlerine adatdakysyndan giç barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň