Soňky habarlar

Arhiw

Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy

16:0428.06.2022
0
1060

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro sebit häkimiýetlerini öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy. Bu barada ol ýurduň Tolima departamentinde keramatly Pýotryň hatyrasyna bellenýän baýram wagty öküz urşunda tomaşaçylaryň oturan münberiniň ýumrulmagy bilen bagly aýtdy. Petro bu barada öz internetdäki sahypasynda çykyş etdi diýip, «Trend» ýazýar.

Kolumbiýanyň Prezidenti şeýle hadysalar netijesinde adamlaryň we haýwanlaryň heläk bolýandygyny nygtady.

26-njy iýunda Tolimede geçen öküz uruşly şowhunda tomaşaçylaryň oturan münberi ýykyldy. «El Tiempo» gazetiniň ýazmagyna görä, dört adam pida boldy, 262 adam şikes aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň