Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň hünärmenleri iş sapary bilen Daşkent şäherinde bolarlar. CentralAsia.news habarlar gullugynyň bellemegine görä, türkmen metrologlary saparyň dowamynda 28 — 30-njy iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek «Hil infrastrukturasy bilen önümçilik pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly seminara gatnaşarlar.
Seminaryň çäklerinde Daşkentde köpçülikleýin praktiki deňeşdirmeler hem bolar. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli metrologiýa institutlary hem gatnaşar.
Özbegistanyň paýtagtynda bolmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Metrologiýa Institutyna baryp görer. Bu ýerde ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.