Aşgabatda «Magtymguly» operasynyň görkezilişi boldy

08:5827.06.2022
0
3616

Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Magtymguly» operasynyň görkezilişi boldy.

Opera teatryň sahnasynda ilkinji gezek 2012-nji ýylda goýuldy. Häzirki wagtda bolsa teatryň döredijilik işgärleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde operany Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gaýtadan sahnalaşdyrdylar.

Operanyň ähli partiýalaryny (seslerini) konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary ýerine ýetirdiler: Magtymgulynyň partiýasyny Begenç Maşiýew (tenor), Meňliniň partiýasyny Arzygül Gylyjowa (soprano), Döwletmämmet Azadynyň partiýasyny bolsa Begenç Gaýypow (bariton) ýerine ýetirdi.

Belläp geçsek, ilkinji gezek operanyň sazyny Ýuliý Meýtus ýazdy, onuň librettosy bolsa Alty Garlyýew we Berdi Kerbabaýew tarapyndan ýazyldy.

Operanyň taýýarlanmagynda goýujy-režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň, goýujy-hudožnik Mekan Annamyradowyň, dirižýor we hormeýster, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gurban Babaýewiň tagallalary uludyr diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň