Top.Mail.Ru

Arhiw

Owganystanda Türkmenistandan iberilen 24 tonnadan gowrak ynsanperwerlik ýük kabul edildi

12:5425.06.2022
0
10595

«Turkmenportalda» ýakynda habar berşimiz ýaly, Türkmenistan Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýer titremesi zerarly bu ýurda ynsanperwerlik kömegini iberdi. Azyk we arassaçylyk önümlerinden, derman serişdelerinden hem-de öý goşlaryndan ybarat bolan, 24 tonna 700 kg ýük şu gün Owganystanyň paýtagtynda kabul edildi. Bu barada Trend.az habar berýär.

Türkmenistan ýer titremesinden ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berjekdigi barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji iýunda Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Owganystanyň Paktika, Nangarhar, Logar, Kabul we Host welaýatlarynda 22-nji iýunda güýji 6,1 dereje bolan ýer titremesi boldy. Çaklamalara görä, ýer titremesinde 1 müň 500 adam heläk boldy, 2 müňden gowrak adam bolsa şikes aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň