Arhiw

Halkara ýük gatnawlary boýunça geçiriljek maslahata gatnaşyjylaryň sanawy düzüldi

10:4623.06.2022
0
4151

Halkara ýük gatnawlary boýunça 25-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek maslahata gatnaşjak gatnaşyjylaryň sanawy doly düzüldi. Bu maslahatyň guramaçylary hökmünde «Prime Shipping Agency LLC» ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy (Dubaý) bilen «Dost Halkasy Söwda Ulag Merkezi» hojalyk jemgyýeti (Türkmenistan) çykyş edýär.

Maslahata logistika we halkara söwda pudaklarynda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşar.

Bu maslahatyň esasy meselesi bu günki günde ýük gatnawlaryny amala aşyrýan hünärmenleriň işinde bökdençlik döredýän töwekgelçilikleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly bolar.

«Prime Shipping Agency LLC» ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy Ýer ýüzi boýunça köp sanly bölümlere, şahamçalara we hyzmatdaşlara eýedir. Kompaniýanyň GDA ýurtlarynda, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Günorta Aziýada öz konteýner parklary bar.

«Dost Halkasy Söwda Ulag Merkezi» hojalyk jemgyýeti hem öz nobatynda «Prime Shipping Agency LLC» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşydyr.

Maslahatyň geçiriljek ýeri — Aşgabat şäheriniň «Olimpiýa» myhmanhanasy, Türkmenbaşy şaýoly. Geçirilýän wagty — 12:00-dan 15:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 21 03 76, +99365 85 26 46;

Elektron poçta salgysy: bdm.tkm@primeshipping.com

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň