Soňky habarlar

Arhiw

Ahalyň täze dolandyryş merkeziniň köçeleriniň atlary meşhur şahsyýetleriň adyny göterer

10:3220.06.2022
0
16323

Türkmen paýtagtyndan 30 km günorta-günbatarda 950 gektardan gowrak meýdanda gurulýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň köçeleri we şaýollary belli şahsyýetleriň adyny göterer.

Taryhda öçmejek yz goýan belli şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, şäheriň şaýollaryna we köçelerine olaryň atlaryny dakmak meselesi şenbe güni Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde maslahatlaşyldy. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, her bir şahsyýetiň hünäri, onuň alyp baran ugry nazara alnyp, olaryň her biriniň adynyň mahsus edara binalarynyň ýerleşýän köçelerine dakylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunda taryhy şahsyýetleriň bitiren hyzmatlary nazarda tutulmalydyr, diýlip habarda aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň durmuş düzümine degişli meseleler babatda aýdyp, onda sanly ulgamyň, “akylly şäher” kadalarynyň ulanylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy merkeziň köçeleriniň atlaryny görkezýän belgileriň yşyklandyryş ulgamynda nou-haularyň, sanly ulgamyň, energiýa tygşytlaýjy serişdeleriň ornaşdyrylyşyna degişli meselelere ýene bir gezek ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Şunda adamlar üçin döredilýän amatlyklaryň esasy orny eýelemelidigi möhüm talap bolup durýar – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy görkeziji belgilere degişli güwänamalaryň, patentleriň alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda degişli düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň