Top.Mail.Ru

Ahalyň täze dolandyryş merkezinde 5 500 adamlyk metjit gurlar

22:3818.06.2022
0
11674

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we täze döwrebap edara ediş merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahatyň dowamynda şäheriň şaýollaryna we köçelerine meşhur şahsyýetleriň atlaryny dakmak meselelerini içgin öwrenmek boýunça pikir alşyldy. Iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet toparynyň başlygy D.Orazow köp sanly adamlaryň isleglerini nazarda tutulyp, Türkmenistanyň müftüsiniň merkeziň çäginde döwrebap metjidi gurmak barada komitete teklip bilen ýüz tutandygy barada habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ýol-ýörelgeleriň dowam edýän döwründe täze metjidiň bina edilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny belledi. Şeýle-de teklibi makullap, merkeziň çäginde 5 500 adam namaza durar ýaly, metjidi gurmak boýunça degişli meseleleri öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň