Soňky habarlar

Arhiw

Markesiň agtygy ýazyja iberilen 150 sany hat tapdy

17:3817.06.2022
0
1033
Markesiň agtygy ýazyja iberilen 150 sany hat tapdy
Surat: paudal.com

Meksikanyň paýtagtynda dünýä belli ýazyjy Gabriel Garsia Markesiň gyz agtygy ýazyja ýollanan hatlaryň 150 sanysynyň üstünden bardy diýip, MIR24 ýazýar.

Hatlary ýazyjynyň maşgala öýünde jemagata görkezdiler. Sergi ýazyja Nobel baýragynyň gowşurylmagynyň 40 ýyllygyna bagyşlandy. Bu ýerde söz ussadynyň Kubanyň lideri Fidel Kastro bilen alşan hatlary, çilili ýazyjy Pablo

Nerudanyň doglan güni bilen bagly Markese ýollan gutlagy, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Bill Klintonyň haty bar. Ýazyjynyň agtygy Emiliýa Garsiýa Alizondonyň aýtmagyna görä, hatlary ol sergi üçin fotosuratlary gözden geçirýärkä, tapypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň