Soňky habarlar

Arhiw

Berlindäki tennis ýaryşynda rus derbisi geçirildi

17:0116.06.2022
0
897

Dünýäniň 12-nji raketkasy Darýa Kasatkina Berlin şäherinde zenan tennisçileriň arasynda geçirilýän halkara ýaryşyň ikinji tapgyrynda reýtingiň 27-nji basgançagyndaky watandaşy Ýekaterina Aleksandrowany 5/7, 6/1, 6/1 hasabynda ýeňdi.

1 sagat 54 minut dowam eden duşuşykda 25 ýaşly Darýa 4 eýs, 9 breýk urgusyny amala aşyryp, 6 ýalňyşlyga ýol berdi. 27 ýaşly Ýekaterina bolsa 4 eýs, 7 ýalňyşlyk we 7 breýk bilen oýnady.

Kasatkinanyň çärýek finaldaky garşydaşy gresiýaly tennisçi Mariýa Sakkari bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň