Turkmenportal logo
16.06.22
914914
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝUNESKO: zeminiň her onunjy ýaşaýjysy okap-ýazyp bilmeýär
ÝUNESKO: zeminiň her onunjy ýaşaýjysy okap-ýazyp bilmeýär

Dünýäde 770 million töweregi uly ýaşly adam okap we ýazyp bilmeýär, olaryň her üçden ikisi bolsa zenanlardyr.


TASS habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, bu barada ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule ulularyň bilimi boýunça 7-nji Halkara maslahatynda eden çykyşynda habar berdi. Hanym Azule şunuň bilen baglylykda ulular üçin bilimi elýeterli etmek işini güýçlendirmäge çagyrdy.


BMG-niň we ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, sowatlylyk babatda iň kynçylyk çekýän sebit Afrika ýurtlary bolup durýar. Ýagdaý Somalide has-da ýaramazdyr, ol ýerde ilatyň 15 ýaşdan ýokary gatlagynyň diňe 5 göterimi okap-ýazyp bilýär. Ikinji orny Çad (22%), üçünji ýeri Mali (31%) eýeleýär.


2019-nj ýylda planetanyň ilatynyň 86 göterimi hat-sowatlydy, 1979-njy ýylda bu görkeziji 68 göterime deňdi. Emma ÝUNESKO-nyň maglumatyna görä, koronawirus ýokanjy köp ýurtlarda bilim ulgamynyň işine päsgel berdi, mekdepleriň ýapylmagy netijesinde ýarym milliarddan gowrak adam okap-ýazmagy öwrenmegi dowam edip ýa-da okuwa başlap bilmedi.