Ýelizaweta II iň uzak dolandyrýan monarhlaryň sanawynda öňe süýşdi

17:4613.06.2022
0
8793
Ýelizaweta II iň uzak dolandyrýan monarhlaryň sanawynda öňe süýşdi
Surat: delfi.lt

Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II taryhda ýurdy iň uzak wagt dolandyrýan hökümdarlaryň sanawynda ikinji orna geçdi. Bu barada Sky News teleýaýlymy habar berdi diýip, Lenta.ru ýazýar.

Şunlukda britan şa aýaly Taýlandyň koroly Pumipon Adulýadetden (Rama IX) hem ozdurdy, ol 1927-2016-nji ýyllar aralygynda, ýagny 70 ýyl 126 gün ýurdy dolandyrypdy. Indi iňlis şa aýalyna rekord goýmak üçin iki ýyldan hem az wagt gerek diýip, metbugat neşiri ýazýar.

Häzirki wagtda bu ugurda ilkinji orunda fransuz koroly Lýudowik XIV (1638-1715) durýar, ol 72 ýyl 110 gün tagty dolandyrypdyr.

2015-nji ýylyň sentýabrynda Ýelizaweta II tagtda uzak oturmak babatda şa aýaly Wiktoriýadan (1819-1901) ozdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň