Serdar Berdimuhamedowyň Tährana sapary meýilleşdirilýär

14:1213.06.2022
0
14927
Serdar Berdimuhamedowyň Tährana sapary meýilleşdirilýär
surat: tdh.gov.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine iki günlük sapar bilen barar. Bu barada Eýranyň ISNA habarlar agentligi habar berýär.
Habarda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti eýranly kärdeşi Seýed Ebrahim Raisiniň çakylygy bilen bu ýurtda ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra ilkinji gezek saparda bolar.
Ýokary derejeli türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirer. Tährandaky «Saadabat» kabul ediş toplumynda iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda resmi kabul edişlik we türkmen-eýran gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 10-njy iýunynda Russiýa Federasiýasyna resmi saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda Prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň