Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy sport pudagynda hyzmatdaşlyk eder

14:2210.06.2022
0
10066

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky 2022 — 2024-nji ýyllar üçin sport ulgamyndaky Hereketleriň meýilnamasyna gol çekildi. Rus tarapyndan resminama Russiýanyň sport ministriniň orunbasary Alekseý Morozow gol çekdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň sport ministriniň metbugat gullugy habar berýär.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy sport ylmyny, şol sanda sport pudagyny, sport federasiýalarynyň we assosiasiýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, milli ýygyndy toparlar üçin bilelikdäki türgenleşik çärelerini geçirmekde we milli olimpiýa komitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk artdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň