Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady

11:4010.06.2022
0
8562

Şu gün irden Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen gitdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyny daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda goýdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Russiýa Federasiýasyna ilkinji saparynyň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly, deňhukukly we ýokary derejedäki türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Ýadyňyzda bolsa, biz mundan ozal «Turkmenportal» web saýtymyzda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna boljak ilkinji resmi saparynyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýändigini, şeýle-de gepleşikleriň netijeleri boýunça Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky resminamalara gol çekiljekdigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň