Turkmenportal logo
09.06.2022
18741874
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Antarktidada täze ýagan garda ilkinji gezek mikroplastik ýüze çykaryldy
Surat: wionews.com

Mikroplastigiň Ýeriň ekoulgamlarynda çak edileninden has giňden ýaýrandygy belli boldy. Kenterberiý uniwersitetiniň alymlary Antarktidada täze düşen garyň düzüminden plastik galyndylaryň bölejiklerini tapdylar diýip, «The Cryosphere» habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.


Gary synag üçin Rossuň buzlugyndan aldylar. Ylmy-barlaga gatnaşyjylar heniz adam eli degmedik şeýle arassa künjekde hapalanmany ýüze çykararys öýtmändiler. Şeýle-de gar nusgasy Skott bazasyndan we Makmerdo stansiýasyndan alyndy.